Türkmenistan we ÝB bilelikdäki çäreleri geçirmek meselelerini maslahatlaşýar

Şu gün, 17:55268
1 / 2

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini gözden geçirdi, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Gün tertibiniň esasy meselesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde duran 81-nji sessiýasynyň çäklerinde taraplaryň ileri tutulýan garaýyşlaryny ylalaşmak boldy. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine seretdi.

Diplomatlar hyzmatdaşlygyň amaly taraplaryna aýratyn üns berdi. Duşuşykda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň we ikitaraplaýyn gepleşikleriň hem-de halkara meýdançalaryň çäginde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň guramaçylyk meseleleri gözden geçirildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de özara bähbitli meseleler boýunça yzygiderli gatnaşyklary saklamaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.