Gyrgyzystanda et-ýag ugruna ýöriteleşen «Araşan» tohumly goýunlaryň ösdürip ýetişdirilmegine bagyşlanan festiwalda goçlaryň biri 1 million dollara satyldy. Çärä bäş ýurtdan gelen maldarlar gatnaşdy. Rekord derejedäki söwdany Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi hem tassyklady.
Gymmat bahaly tohum goçy 2023-nji ýylda Gazagystana 150 müň dollara satylan meşhur Frankel atly goçuň neslindendir.
Habarda şeýle diýilýär:
«Frankel gyrgyzlaryň “Araşan” tohumynyň iň meşhur wekilleriniň biri hasaplanýar. Ol Talas ýaýlalarynda ösdürilip ýetişdirildi. “Araşan” tohumy Gyrgyzystanda 2021-nji ýylda resmi taýdan hasaba alyndy. Bu tohum gissar we ýüňlek gyrgyz goýunlaryny çatmak arkaly alyndy. Mundan ozal Gazagystanyň we Özbegistanyň maldarlarynyň bu tohuma uly gyzyklanma bildirýändigi habar berlipdi».
Bu tohuma sebitde barha köp üns berilýär. 2026-njy ýylyň mart aýynda Gyrgyzystanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýolbaşçysy arassa tohumly «Araşan» goýunlaryny satmak üçin auksion ýa-da birža görnüşinde ýörite döwlet meýdançasyny döretmegi hem teklip edipdi.