Awstraliýada 800 müňden gowrak ary ogurlandy

Şu gün, 17:121,179
1 / 2

Awstraliýanyň Kwinslend ştatynda näbelli adamlar balary idedijilerden 800 müňden gowrak ary ogurlady. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Tom Bidneriň aýtmagyna görä, ary eýeleriniň üçüsinden her birinde azyndan 20 müň ary bolan jemi 44 ary maşgalasy ogurlanypdyr.

«Bu-da hememsi däl. Köp öýler indi barlanylmaly. Biz häzir aryçylyk hojalyklarymyza aýlanyp, olary barlap ýörüs» diýip, aryçy Tom Bidner ýagdaýy düşündirdi.

Ogurlyk dürli ýerlerde bolup geçipdir. Jenaýatçylar ary öýlerini tutuşlygyna däl-de, diňe olaryň içindäki öýjükli gutulary çykaryp alypdyr. Bidneriň aýtmagyna görä, muny amala aşyrmak üçin ýörite taýýarlyk we enjamlar gerek.

«Olar enjamlardan mas ýüklenen ýük maşynynda gelip, biziň çarçuwalarymyzy öz gutularyna geçirýär. Soňra bolsa ary öýlerini yzyna ýygnap, daýhanlar hiç zat aňmaz ýaly edip gidýär» diýip, ary idediji gürrüň berýär.

Ogrular baly alyp gitmändir. Bidner, şeýle-de munuň soňky döwürde sebitde bolan iň uly ary ogurlygydygyny belleýär.

Häzirki wagtda sebitde awokado hasylynyň ýygymy dowam edýär. Balary idedijileri ösümlikleri tozanlandyrmak üçin daýhanlar bilen şertnama baglaşyp, olaryň ýerlerinde ary öýlerini ýerleşdirýär. Şonuň üçin ary eýeleri diňe bir balarylaryndan däl, eýsem şeýle şertnamalardan alýan onlarça müň dollarlyk girdejilerinden hem mahrum boldy.