Kaspi.kz-niň täze mahabat kampaniýasynda dünýä belli aktýor Jeki Çan Žakežana — özüniň gazak nusgasyna öwrüldi. Kampaniýanyň ilkinji mahabat wideosy 22-nji sentýabrda görkezildi.
Kampaniýanyň pikiriçe, eger Jeki Çan Gazagystanda ýaşan bolsa, onuň ady Žakežan bolardy. Özi-de adaty durmuşda ýaşap, gazaklaryň gündelik ulanýan Kaspi.kz hyzmatyndan peýdalanardy. Ýöne Jeki Çanyň, özüňize belli, iň ýönekeý gündelik ýagdaýlary hem dessine başdan geçirmä öwrülip bilýär.
Kampaniýanyň bu täze mahabaty düşürmek hakdaky pikiri Jeki Çan Kaspi.kz bilen tanşandan soň ýüze çykýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy we esaslandyryjylarynyň biri Mihail Lomtadze aktýora Kaspi.kz-niň müşderileriniň biri bolmagy teklip edip, oňa aktýoryň ady ýazylan Kaspi Gold kartyny sowgat berýär.
Öňem habar berşimiz ýaly, Jeki Çan häzirki wagtda Gazagystanda «Hudaýyň sowudy: Ultimatum» atly filmiň surata düşürilişine gatnaşýar. Filmiň baş hyzmatdaşlarynyň biri hem Kaspi.kz kompaniýasydyr.
«Jekiniň biziň iň söýgüli müşderilerimiziň birine öwrülendigine örän begenýäris. Indi bolsa ol täze mahabat kampaniýamyzyň baş gahrymany boldy. Bu hekaýa müşderilerimiziň keýpini göterer diýip umyt edýäris. Tomaşa ediň, lezzet alyň!» diýip, Mihail Lomtadze bu täzelik hakynda gürrüň berýär.
Kaspi.kz-niň hyzmatlaryndan Gazagystanda we Türkiýede 26 milliondan gowrak müşderi hem-de takmynan 1 million hyzmatdaş peýdalanýar.