Amerikan režissýory Robert Eggers «Romeo we Julýetta» eserini gadymy iňlis dilinde düşürmegi meýilleşdirýär. Bu mesele boýunça ol Focus Features studiýasy bilen gepleşikleri geçirýär.
«Nosferatu» filmi bilen tanalýan režissýor geljekki taslamanyň prodýuseri hökmünde-de çykyş etmek isleýär.
Wilýam Şekspiriň 1590-njy ýyllaryň ortalarynda ýazan tragediýasy birnäçe gezek ekrana geçirildi. Olaryň arasynda iň meşhurlary Franko Dzeffirelliniň 1968-nji ýyldaky hem-de Baz Lurmanyň 1996-njy ýyldaky Leonardo Di Kaprio we Kler Deýns bilen düşüren «Romeo + Julýetta» filmleridir.
Şertnama entek baglaşylmady, ýöne Eggers öz filmleriniň agramly bölegini Focus Features bilen hyzmatdaşlykda çykarypdy.
Režissýoryň indiki filmi 2026-njy ýylyň dekabr aýynyň soňunda prokata çykar. «Möjek-adam» atly ol filmde XIV asyrda Angliýada möjege öwrülýän daýhan barada gürrüň berilýär. Onda esasy roly Aaron Teýlor-Jonson ýerine ýetirýär.
Mundan başga-da, režissýoryň taslamalarynyň arasynda Dewid Bowiniň oýnan 1986-njy ýyldaky «Labirint» filminiň remeýki bar.