Halk Maslahatynyň mejlisi: Ýurtda döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň onlarçasy gurlar

Düýn, 01:2811,166

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, ýakyn wagtda:

  • 50 sany oba saglyk öýleriniň we merkezleriniň düýbi tutular (iyul aýynda her welaýatda şonuň ýaly 10 desganyň gurluşygy boýunça bäsleşigiň yglan edilendigini hakda metbugatda habar berlipdi).

Indi gurulmagy meýilleşdirilýän binalar:

  • Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara onkologiýa merkezleri;
  • Daşoguzda Inçekesel hassahanasy;
  • Maryda welaýat Köpugurly hassahanasy;
  • Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki we Ýolöten etraplarynda etrabara hassahanalary.

Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän desgalar:

  • Aşgabatda täze köpugurly hassahana;
  • Büzmeýin etrabynda Saglyk öýi;
  • Tejende etrabara hassahana;
  • Daşoguzda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi.

Şeýle hem ýakyn wagtda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň gününe gabatlap ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalar:

  • Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi;
  • Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi;
  • Aşgabatda Stomatologiýa merkezi;
  • Bäherden etrabynda «Arçman» şypahanasynyň täze bejeriş binasy.

«Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdymyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.