Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we ony noýabrda Antaliýa şäherinde geçiriljek COP31 Liderler sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Türkiýäniň döwlet Baştutanynyň haty TDH tarapyndan çap edildi.
Gutlag hatynda Türkiýäniň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň umumy dil, medeniýet, din we taryhy kökler esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn derejede, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hem ösdürilýändigi nygtaldy.
«Sizi 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Antaliýada geçiriljek COP31 Liderler sammitinde görmäge şatdyryn», — diýip, Rejep Taýyp Ärdogan gutlag hatynda belledi.
COP31 Liderler sammiti howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygy we ekologiýa başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyp, ençeme döwlet we hökümet baştutanlaryny bir ýere jemlär.
Gutlagynyň ahyrynda Türkiýäniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we onuň ýakynlaryna berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Ýatladyp geçsek, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 45 ýaşy doldy.