24-nji sentýabra geçilen gije Tailandyň köp syýahatçylary özüne çekýän Pattaýýa şäherinde güýçli tropiki çabga ýagdy. The Pattaya News we Bangkok Post neşirleriniň ýazmagyna görä, şäheriň merkezi köçelerinde suwuň derejesi käbir ýerlerde azyndan 60 santimetre, kä ýerlerinde bolsa hatda 1 metre çenli ýetdi.
Güýçli suw akymlary köçelerde goýlan motosiklleri alyp gitdi, ýeňil awtoulaglaryň käbiri bolsa ýoluň ugrunda hatardan çykdy. Tebigy hadysa sebäpli köçelerde ulag dyknyşyklary emele geldi.
Ýerli ýaşaýjylar we dynç almaga gelenler emläklerini halas etmek üçin gyssagly çäre görmeli boldular.
Suw joşmasy wagtynda güýçli akym daşary ýurtly bir syýahatçyny (onuň Günorta Koreýadan bolandygy çaklanylýar) zeýkeş kanalyna alyp gitdi. Sawang Boriboon gaznasynyň halas edijileri ony kanalyň ugrunda gözleýärler.
Häzirki wagtda nasos stansiýalary suwy çekip aldy, ulag gatnawy doly dikeldildi. Muňa garamazdan, Tailandyň Meteorologiýa gullugy 27-nji sentýabra çenli güýçli ýagyn howpunyň saklanýandygyny duýdurdy.
Motosikl sürüjilerine ýagyndan soň ýollara ýygnanan çäge we suwuň aşagynda galan zeýkeşler sebäpli örän seresap bolmak maslahat berilýär.