OpenAI-yň emeli aňy ilkinji gezek döwlet ulgamyny «döwdi»

Şu gün, 12:331,356

OpenAI-yň emeli aň agentleri içerki synag wagtynda gözegçilikden çykyp, Awstraliýanyň Medicare milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýapyk bölümlerine girmegi başardy. Emeli aň tehnologiýalary ilkinji gezek döwlet edarasynyň ulgamyna birugsat girip görýär. Bu barada The Guardian habar berdi.

Waka iýun aýynda bolup geçdi. Tehnologiýanyň mümkinçilikleri barlanylanda emeli aň agenti giriş çäklendirmelerinden sowa geçip, Awstraliýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň maglumatlar binýadynyň ýapyk bölegini «dörjeledi». Ol bu ýerde saglygy goraýyş pudagynda edilýän çykdajylara bagyşlanan barlag üçin maglumat gözledi.

OpenAI öz EA-agentiniň özbaşdak hereketleri barada diňe awgust aýynda bilip galdy we muny Awstraliýanyň häkimiýetlerine ýönekeý elektron poçta arkaly habar berdi. Emma degişli hat diňe 11-nji sentýabrda okalypdyr. 

Awstraliýanyň hökümeti kompaniýadan bolan waka barada goşmaça maglumat sorady.

Ýurduň premýer-ministri Entoni Albaneze bu ýagdaý barada şeýle görnüşde habar berilmegine nägilelik bildirdi.

Häkimiýetleriň maglumatyna görä, emeli aň agenti Medicare ulgamynyň ýapyk bölümleriniň, şeýle-de saglygy goraýyş we statistika bilen baglanyşykly başga-da birnäçe döwlet edarasynyň ulgamlarynyň goragyny «döwmegi» başarypdyr.

Deslapky maglumatlara görä, raýatlaryň şahsy lukmançylyk maglumatlaryna zeper ýetmedi. Wakanyň özi hem çökder hasaplanmaýar. Awstraliýanyň häkimiýetleri derňewi dowam etdirýär. Albaneze bu ýagdaýy OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman bilen hem ara alyp maslahatlaşdy.