Semizlik zerarly ýewropa ýurtlarynyň ykdysadyýeti her ýyl milliardlarça ýewro ýitirýär

Düýn, 11:234,859

Semizlik we aşa agram Ýewropa ýurtlarynyň ykdysadyýetine her ýyl milliardlarça ýewro çykdajy getirýär. Bu barada Euronews habar berýär.

Derman öndürijileriň we assosiasiýalaryň Ýewropa Federasiýasynyň (EFPIA) sargydy esasynda Saglygy goraýyş boýunça Ykdysady gözlegler müdirligi tarapyndan taýýarlanan hasabata görä, bedeniň agram görkezijisiniň ýokary bolmagy bilen baglanyşykly çykdajylar öwrenilen sekiz ýurtda jemi içerki önümiň (JIÖ) 0,7–1,4 göterimine deň boldy.

Barlag Germaniýany, Fransiýany, Italiýany, Ispaniýany, Irlandiýany, Gresiýany, Rumyniýany we Beýik Britaniýany öz içine aldy. Semizlik we aşa agram bilen baglanyşykly ýyllyk ykdysady ýitgileriň möçberi Rumyniýada 2,5 milliard ýewrodan Germaniýada 55,2 milliard ýewro çenli ýetýär. Beýik Britaniýada bu görkeziji 43,2 milliard ýewro, Ispaniýada, Italiýada we Fransiýada bolsa, takmynan, 20 milliard ýewro barabar.

2024-nji ýylyň maglumatlarynda Ýewropadaky uly ýaşly ilatyň 26 göteriminiň semizlikden ejir çekýändigi, ýene 30 göteriminiň agramynyň kadadan ýokarydygy aýdylýar. 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende, uly ýaşlylaryň arasynda aşa agramyň we semizligiň ýaýramagy 22 göterim, diňe semizligiň derejesi bolsa 75 göterimden gowrak ýokarlandy.

Barlaga girizilen sekiz ýurtda semizlik we aşa agram 278 müň adamyň ölümine we 8 million sagdyn ömür ýylynyň ýitirilmegine sebäp bolan ýagdaýlar bilen baglydyr. Bu ýagdaýlar 2-nji görnüşli süýjükeseliň, ýürek-damar keselleriniň, bagry ýag almagynyň we başga-da birnäçe keseliň döremek howpuny ýokarlandyrýar.

Şeýle keseller bilen baglanyşykly gönümel çykdajylar 100,4 milliard ýewro boldy. Göni bolmadyk ykdysady ýitgiler bolsa işe çykmazlyk, zähmet bazaryna gatnaşmazlyk, ýakynlaryň mugt kömegine mätäçlik we wagtyndan öň aradan çykmak ýaly ýagdaýlardan ybarat.

EFPIA-nyň ýolbaşçysy Nathalie Moll bu meselä bolan garaýşy, onuň öňüni almagy, anyklamagy we bejermegi täzeden gözden geçirmegiň zerurdygyny belläp, munuň saglygy goraýyş ulgamyna düşýän ýüküni azaltmaga, ykdysady öndürijiligi ýokarlandyrmaga hem-de jemgyýetiň durnuklylygyny güýçlendirmäge kömek etjekdigini aýtdy.

Hasabatda semizlik we bedeniň agram görkezijisiniň ýokary bolmagy bilen bagly lukmançylyk hem-de ykdysady meseleleri çözmek boýunça birnäçe maslahatlar berilýär. Olaryň arasynda semizligi diňe bir kesel döremeginiň töwekgelçilik faktory hökmünde däl, eýsem özbaşdak kesel hökmünde ykrar etmek, şeýle hem onuň öňüni alyş çärelerine we bejergä elýeterliligi ýokarlandyrmak bar.