ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryna güýçli «Nor’ister» (Nor’easter) tupany zarba urdy. Nýu-Ýork şäherinde we ştаtyň birnäçe etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
Ýerli häkimiýetler ilaty güýçli çabga, tupanly ýeller, kenarýaka suw basmalary we elektrik togunyň kesilmek ähtimallygy barada öňünden duýdurdylar.
Adatdan daşary ýagdaý tertibi, esasan Nýu-Ýork şäherine, şeýle hem Nassau, Saffolk we Westçester etraplaryna degişli. Şäheriň häkimi Zohran Mamdani we Nýu-Ýorkuň Adatdan daşary ýagdaýlar müdirligi howply ýol hereketleri barada duýduryş çap etdiler. Bu duýduryş ýekşenbe güni, 27-nji sentýabr gününiň ir ertirine deňiç güýje girýär.
Täzelenen çaklamalara görä, şäherde we onuň töwereklerinde 10-15, käbir ýerlerde bolsa 25 santimetre çenli ygalyň ýagmagyna garaşylýar. Ýagyn esasan şenbe gününiň dowamynda we ýekşenbä geçilýän gije ýagar durar. Nýu-Ýorkda ýeliň tizligi sagatda 65–80 kilometre, Long-Aýlendiň gündogarynda bolsa sagatda 96 kilometre ýetýär. Agaçlaryň elektrik geçiriji liniýalaryň üstüne ýykylmagy sebäpli, ilata elektrik tok üpjünçiliginde böwşeňlik bolup biljegine taýýarlyk görmek towakga edilýär.
Kennedi, La-Guardia we Nýuark howa menzillerinde uçuşlaryň yza süýşürilmegine we ýatyrylmagyna garaşylýar. Häkimiýetler ilata mümkin boldugyça şenbe gününi öýde geçirmegi hem-de halys zerurlyk ýüze çykmaa awtoulaglardan peýdalanmazlygy maslahat berýär.
Kenarýaka suw basmalary goşmaça howp döredýär. Tupanyň Aýyň dolýan döwrüne gabat gelmegi sebäpli, uly suw tolkunlarynyň bolmagyna garaşylýar. Kwins we Bruklin kenarýaka etraplarynda, şol sanda Koni-Aýlendde we Rokaweýde gomkeserler gurnaldy. Käbir pes ýerlerde meýletin göçürme yglan edildi.