Türkmen hünärmenleri saç ekmek boýunça 6 000-den gowrak üstünlikli operasiýany geçirdi

Düýn, 19:395,963
1 / 3

Asly türkmenistanly hünärmenler saçy, sakgaly we gaşy dikeltmäge ýöriteleşdirilen OguzMed halkara klinikalar ulgamyny döretdi. Lukmanlar bu ugurda häzire çenli 6 000-den gowrak üstünlikli operasiýany geçirdi, ekilen saçlaryň ornaşmak derejesi bolsa 95–99%-e deň boldy.

Bu taslamany Saç ekmek boýunça rus jemgyýetiniň (RSHRS) agzasy, transplantasiýa boýunça tejribeli hünärmen Jemşit Saparow döretdi. Ol 2015-nji ýyldan bäri Russiýada, BAE-de we Täjigistanda operasiýalary geçirýär.

OguzMed klinikasynda agyryny mümkin boldugyndan azaldýan tikinsiz tehnologiýalar ulanylýar. Esasy usul FUE — donor zolagyndan aýratyn saç graftlaryny mikrogural arkaly seresaplylyk bilen alyp, olary saçyň dökülen ýerine oturtmak bolup durýar. Operasiýalardan başga-da, klinika toplumlaýyn anyklanylyşy, bejergini saýlamagy we saçyň ösüşine ýardam edýän plazmoterapiýany (PRP) hödürleýär.

Ulgamyň şahamçalary Russiýanyň Moskwa, Sankt-Peterburg, Nowosibirsk, Ýekaterinburg, Kazan, Samara we Rostow-na-Donu ýaly iri şäherlerinde, şeýle hem BAE-niň Dubaý şäherinde we Özbegistanda işleýär. Hassalar öz synlarynda saç ekmek amalynyň rahat şertlerde geçýändigini, ahyrky netijäniň — gür saçlaryň we olaryň tebigy ösüşiniň bolsa 10–12 aýyň dowamynda doly ýüze çykýandygyny belleýär.