Moskwaly mekdep okuwçysy ünsi gowulandyrýan burun damjalaryny döretdi

Düýn, 20:452,131

Moskwaly 11-nji synp mekdep okuwçysy Denis Kaçanow fonturasetamyň esasynda synag burun damjasyny döretdi. Fonturasetam nootrop täsirli derman bolup, ol şonuň ýaly-da ýady, ünsi we beýleki aň-bilim ukyplaryny gowulandyrmak üçin peýdalanylýar. Bu barada Moskwanyň bilim we ylym departamentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Adatça, fonturasetam içilýär. Emma okuwçy dermany burun arkaly kabul etmegiň mümkinçiligini öwrenmek kararyna geldi. Dermanyň suwda örän kyn ereýänligi esasy çözülmeli meseleleriň biri boldy. Denis goşmaça maddalary saýlap, çökündisiz, dury we birmeňzeş ergin taýýarlamagy başardy.

Indiki ädim Russiýa Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň K. M. Lakin adyndaky Farmasewtika ylym-bilim institutynda geçirilen barlag boldy. Okuwçy dermany burun arkaly we adaty usulda, ýagny içilende alynýan netijeleri deňeşdirdi.

Has ýokary mukdarda ulanylanda iki usulyň netijeleri biri-birine ýakyn boldy. Pes mukdarda hem dermanyň täsiri saklandy. Üstesine-de, burundan goýberilende dermanyň täsiri şol bir mukdary agyzdan kabul edendäkiden ýokary boldy.

Alnan netijeler dermany burun arkaly kabul etmek usulynyň geljekde has giňişleýin öwrenilmegi üçin geljegi bar bolan ugurlaryň biri bolup biljekdigini görkezdi.