ABŞ bilen Hytaý 30 mlrd dollarlyk harytlar üçin gümrük paçlaryny özara azaltmak barada ylalaşdy

Düýn, 16:205,842
1 / 2

ABŞ bilen Hytaý umumy bahasy, takmynan, 30 milliard dollar bolan harytlara gümrük paçlaryny azaltmak barada özara ylalaşyga geldi. Degişli ylalaşyk iki ýurduň liderleri Donald Tramp bilen Si Szinpiniň gatnaşmagynda geçirilen sammitde gazanyldy.

Ak Tam tarapyndan çap edilen sanawa görä, gümrük paçlarynyň azaldylmagy göz öňünde tutulýan hytaý harytlarynyň arasynda feýerwerkler, öý hojalyk harytlary, sport enjamlary we oýunjaklar bar.

Hytaýa iberiljek amerikan harytlarynyň sanawyna bolsa oba hojalyk harytlary, balyk we deňiz önümleri, işlenmedik agaç, kosmetika hem-de lukmançylyk serişdeleri girýär.

Hytaýyň Söwda ministrliginiň habar bermegine görä, gümrük paçlary degişli içerki kanuny amallar ýerine ýetirilenden soň güýje girer. Ylalaşykda görkezilen harytlaryň, takmynan, 90 göterimine degişli paçlar «iň amatly şertler derejesine» çenli peseldiler.

Mundan başga-da, taraplar bilelikdäki söwda geňeşini we oba hojalyk önümleriniň bazarlara çykarylmagy bilen bagly meseleler boýunça iş toparyny döretmek hem-de maýa goýum päsgelçilikleri barada yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek babatda ylalaşdy.

Taraplar emeli aň, şeýle hem onuň bilen bagly töwekgelçilikler we mümkinçilikler boýunça gepleşiklere hem başlady.

Mundan öň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary gümrük paçlarynyň düýpli ýokarlandyrylmagy bilen häsiýetlenipdi. 2025-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Hytaý harytlaryna girizen gümrük paçlary 145 göterime çenli, Hytaýyň amerikan önümlerine girizen jogap paçlary bolsa 125 göterime çenli ýetipdi. Maý aýynda taraplar 90 günlük söwda ylalaşygyny gazanyp, ABŞ üçin paçlary 30 göterime, Hytaý üçin bolsa 10 göterime çenli peseltdiler.