Ýewropa Bileleşigi Albaniýanyň, Moldowanyň, Ukrainanyň we Çernogoriýanyň birleşige goşulyşmagy boýunça tapgyrlaýyn meýilnamalary taýýarlamaga başlady. «Politico» neşiriniň çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, hut şu dört ýurt ÝB-niň agzalygyna tarap öňe gitmek üçin esasy dalaşgärler hökmünde görülýär.
Taýýarlanylýan ýol kartalarynyň goşulmak prosesini has aýdyňlaşdyrmagyna we gepleşikleriň tamamlanmagy üçin anyk möhletleri kesgitlemäge ýardam etmegine garaşylýar. Resminamalarda ýurtlaryň ÝB-niň agzalygy ugrundaky ýolunda ýerine ýetirmeli talaplary hem görkeziler. Tapgyrlaýyn meýilnama dalaşgär ýurtlarda geçirilýän içerki özgertmeleri gepleşikleriň yzygiderli tapgyrlary bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berer. Şunda her bir ýurduň aýratyn ýagdaýy we zerurlyklary göz öňünde tutulýar.
Bu iş diňe dalaşgär ýurtlaryň öz üstüne düşmez. ÝB-niň häzirki agza döwletlerinden hem dört ýurduň birleşige goşulyşmagynyň indiki tapgyrlaryny ylalaşmak talap ediler.
Neşiriň maglumatyna görä, ÝB häzirlikçe Gruziýa, Bosniýa we Gersegowina, Kosowa, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa hem-de Türkiýe üçin şuňa meňzeş meýilnamalary taýýarlamagy göz öňünde tutmaýar. Bu ýurtlaryň ÝB bilen agzalyk boýunça gepleşikleri has irki tapgyrlarda alnyp barylýar.