Messiniň hoşlaşyk oýnunyň petekleri dört minutda satylyp gutardy

Düýn, 11:475,491
1 / 3

Lionel Messiniň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky hoşlaşyk oýnuna petekler bary-ýogy dört minudyň içinde satylyp gutardy. Bu barada Olé neşiri habar berdi.

Argentina 6-njy oktýabrda Buenos-Aýresdäki «El Monumental» stadionynda Benine garşy oýnar. Stadion 85 müň tomaşaçy üçin niýetlenendir.

Habar berlişine görä, petekleriň resmi satuwy 24-nji sentýabrda ýerli wagt bilen sagat 18:00-da başlandy. Ýöne peteklere bolan islegiň örän ýokary bolandygy sebäpli, saýta girýänleriň sany birden köpelip, aşa agram düşenligi sebäpli ulgamyň işleýşinde näsazlyk döredi. Janköýerler elektron nobatda garaşmaly boldular.

Üstesine-de ýerleriň bir bölegi Argentinanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan hemaýatkärler we beýleki degişli taraplar üçin bölünip berilýändigi üçin adaty janköýerlere stadionyň umumy sygymyna görä has az petek ýetdi.

Duşuşyk, Aşgabat wagty bilen, 7-nji oktýabra geçilýän gije sagat 01:00 başlar.

Messi Argentinanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2005-nji ýylda geçiripdi. 39 ýaşly hüjümçi milli ýygyndynyň düzüminde 207 oýna gatnaşyp, 125 gol geçirdi we 68 gezek netijeli pas berdi.