Mourinýu «Reala» barmak üçin Portugaliýanyň ýygyndysyndan ýüz öwrüpdir

Düýn, 18:323,036

Roberto Martines Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadylanyndan soň topara Žoze Mourinýunyň ýolbaşçy bellenmegi mümkin eken. Emma ol Madridiň «Realyna» dolanyp barmak kararyna gelipdir. Bu barada AS neşiri ýazýar.

Žurnalistleriň maglumatyna görä, Portugaliýanyň Futbol federasiýasy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň başlanmagyna birnäçe hepde galanda Mourinýu bilen gepleşik geçiripdir. Edil şol döwürde «Realyň» prezidenti Florentino Peres hem hünärmene Madrid toparyna täzeden ýolbaşçylyk etmek teklibi bilen çykypdyr.

Mourinýu 2013-nji ýylda «Realdan» gidenden soň hem Peres bilen gowy aragatnaşyk saklamagyny dowam etdiripdir. Şonuň üçin ol «patyşalyk klubynyň» teklibini kabul etdi. Şol wagt portugaliýaly hünärmen «Benfika» toparyna tälim berýärdi. «Real» onuň şertnamasyny ýatyrmak üçin «Benfika» öwez tölegini geçirdi.

Portugaliýanyň Futbol federasiýasy Mourinýunyň bu kararyny hiç hili öýke-kinesiz kabul edipdir. Soňra milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynyň ozalky tälimçisi Žorže Žezuş bellenildi.

Federasiýa mundan ozal 2012-nji ýylda, Mourinýu «Realda» işleýän döwründe hem oňa milli ýygyndynyň baş tälimçisi bolmagy teklip edipdi. Şonda hünärmeniň iki wezipäni bir wagtda alyp barmak mümkinçiligi-de göz öňünde tutulypdy. Emma madridli klubyň ýolbaşçylary şol wagt bu pikiri oňlamandy.