Jorjiýa Tehnologiýa institutynyň alymlary göwrümi 3 millimetrden hem kiçi bolan implantlary döretmäge mümkinçilik berýän simsiz SWANS ulgamyny işläp taýýarlady.
Enjamlary ýerleşdirmek üçin hirurgik operasiýasynyň zerur bolmazlygy bu tehnologiýanyň esasy artykmaçlygydyr. Mikroenjamlary adaty şpris arkaly hem bedeniň içine goýberip bolýar.
Bedene ýerleşdirilýän mikroenjamlaryň arasyndaky signal dokumalarda bar bolan ionlaryň kömegi bilen göni geçirilýär. Bu usul enjamlaryň wezipelerini bölüşdirmäge mümkinçilik berýär: datçikleriň birini biologik görkezijileri ölçemek üçin amatly ýere, beýlekisini bolsa bejergi talap edilýän ýere, mysal üçin, derman bermek ýa-da nerwi gyjyndyrmak üçin ýerleşdirmek bolýar. Her bir mikroimplant diňe belli bir güýjenmeli we dowamlylykdaky impulslara jogap berýär. Şonuň üçin ulgamda zerur datçigi saýlap, diňe şony işjeňleşdirmek hem mümkin.
Bedeniň içindäki ulgam diňe zerur bolan iň az möçberdäki maglumatlary geçirýär, çylşyrymly hasaplamalaryň ählisini bolsa daşyndan geýilýän elektron enjamlar ýerine ýetirýär. Wezipeleriň şeýle paýlanylmagy mikroenjamlaryň energiýany örän tygşytly sarp etmegine mümkinçilik berýär. Işjeň däl ýagdaýynda olar energiýany asla sarp etmeýär diýen ýaly. Şol sebäpli olar günde bir gezek işledilen ýagdaýynda hem, enjamlaryň ätiýaçlygy, takmynan, bir ýyla golaý ýetýär. Şol bir wagtyň özünde ulanylýan pes kuwwatly toklar beden dokumalary üçin howpsuzdyr.
Tehnologiýanyň netijeliligi alakalar bilen geçirilen synaglarda hem tassyklandy. Implantlar haýwanyň öň aýagynyň hereketini üstünlikli kesgitläp, awtomatik usulda yzky aýagyndaky myşsany hem gyjyndyrdy. Netijede, haýwanyň tebigy ýöreýşine doly diýen ýaly meňzeş hereket gaýtalandy.
Alymlaryň pikiriçe, bedeniň dürli ýerlerinde ýerleşdirilen mikrodatçikleriň sazlaşykly işlemegi, geljekde şahsy aýratynlyklara laýyklaşdyrylan bioelektron lukmançylygynyň täze mümkinçiliklerini açyp biler.
Gözlegiň netijeleri Science žurnalynda çap edildi.