Türkmenistanyň DIM-inde Belarusyň we Türkiýäniň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

Şu gün, 19:231,104
1 / 2

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Belarus Respublikasynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Belarus Respublikasynyň ilçisi Stanislaw Çepurny bilen geçirilen duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkiýe Respublikasynyň wezipä täzelikde bellenilen ilçisi Şener Jebeji bilen geçirilen duşuşygyň başynda Mähri Bäşimowa diplomata işinde üstünlikleri arzuw edip, konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.

Diplomatlar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini, syýasy-diplomatik dialogy hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem halkara meýdançalaryndaky özara goldawy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy.