«Terminator» indi Aýaz baba boldy: Şwarseneggerli «Torbaly adam» filminiň ilkinji tizeri çykdy

Düýn, 20:232,874
1 / 2

«Terminator» we «Komando» ýaly filmleriň ýyldyzy Arnold Şwarsenegger bu gezek Aýaz babanyň keşbini ýerine ýetirdi. «Torbaly adam» (The Man with the Bag) atly gülküli Täze ýyl filminiň tizeri Prime Video platformasynyň YouTube kanalynda ýerleşdirildi.

Filmde bir jenaýatyň wakasy beýan edilýär. Sýužete görä, bir gün Aýaz baba özüniň jadyly torbasynyň ogurlanandygyny görýär. Torbasyny yzyna gaýtarmak üçin ol edepsiz çagalaryň sanawyndan özüne kömek edip biljek Wens atly öňki ogryny tapýar.

Filmiň goýan režissýor Adam Şenkman. Beýleki keşpleri Alan Riçson we Akwafina ýerine ýetirýär. Filmiň ssenarisini Allan Raýs ýazdy, operatorlyk işini bolsa Jonatan Sela öz üstüne aldy.

Prime Video striming platformasynda ýerleşdiriljek bu filmiň ilkinji görkezilişi 2-nji dekabra garaşylýar.