Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Şu gün, 07:031,262

6-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Iki ýurt BMG-niň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklary giňeldýär, ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylýan ylalaşyklar bolsa özara bähbitli esasda durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem duşuşykda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şeýle-de parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi bellenildi. Taraplar özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan özara bähbitli gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygyny nygtady.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, medeniýet, ylym we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň berkidilýändigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Walentina Matwiýenko Hazar deňziniň ýakasynda geçirilýän halkara çäreleriň, şol sanda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk we döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.