Land Rover kompaniýasy Range Rover Evoque we Velar modelleriniň önümçiligini bes etmegi meýilleşdirýär. Autocar neşiriniň maglumatlaryna görä, bu iki krossoweriň täze nesilleriniň önümçiliginiň 2027-nji ýylda tamamlanmagy mümkin.
Mundan soň Range Rover-iň iň elýeterli modeli entek doly tanyşdyrylmadyk täze GT kysymly awtoulagy bolar. Onuň önümçiligi Evoque we Velar modelleriniň ymykly bes edilýän döwrüne gabat geler.
Model hatarynyň özgerdilmegi kompaniýanyň Range Rover-i uly ölçegli we has gymmat awtoulaglary öndürýän ýokary derejeli aýratyn marka hökmünde ösdürmek meýilnamasy bilen baglanyşyklydyr. Has elýeterli ulaglar Discovery tapgyry we, ähtimal, Land Rover Defender-iň kiçi ölçegli görnüşi arkaly hödürlener.
Şonuň bilen birlikde, häzirki model hatarlaryna bolan iseg hem tapawutlanýar. Velar modeli alyjylary känbir gyzyklandyrmady, Evoque bolsa öz döwründe kompaniýanyň iň köp satylan ulaglarynyň birine öwrüldi. Önümçiliginiň ilkinji on ýylynda dünýäde bu modeliň bir milliona golaýy satyldy. Käbir ýyllarda bolsa ol Land Rover-iň umumy satuwynyň üçden birinden gowragyny emele getirdi.
Neşiriň maglumatyna görä, kompaniýa geljekde çykaryljak Range Rover GT modeline eýýäm potensial alyjylaryň gyzyklanma bildirýändigini belleýär. Olaryň 80 göterime golaýynyň häzirki wagtda beýleki awtoulag öndürijileriniň markalaryna degişli ulaglary bar.