Sopy Ybraýym Edhemiň durmuşyna bagyşlanan golýazmalar ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Düýn, 20:122,738
1 / 2

Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Abu Yshak Ybraýym ibn Edhemiň ömri we döredijiligi baradaky arhiw çeşmeleri» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna girizildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlary üçin «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Sebit komitetiniň (MOWCAP) 11-nji Umumy ýygnagy we halkara seminary geçirildi.

Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi (ANRI), Koreýa Respublikasynyň we Indoneziýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlary hem-de Koreýanyň Miras gullugynyň guramagynda geçen forumyň açylyş dabarasynda Indoneziýanyň medeniýet ministri Fadli Zon we MOWCAP-yň başlygy Kwibe Kim çykyş etdi. Bu halkara çärede Türkmenistana ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň jogapkär sekretary we TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri wekilçilik etdi.

Seminaryň esasy mowzugy «Suw dünýäsi: deňiz çarwalary, resminama mirasy we Dünýäniň hakydasy» boldy. Munda esasy üns Günorta-Gündogar Aziýanyň deňiz çarwalar jemgyýetiniň medeniýetine, taryhyna we mirasyny saklap galmaga gönükdirildi.

Ýygnagyň dowamynda ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebit sanawy resminama mirasynyň 21 sany täze elementi bilen dolduryldy. Olaryň arasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Abu Yshak Ybraýym ibn Edhemiň ömri we döredijiligi baradaky arhiw çeşmeleri» diýen nominasiýa eminler toparynyň ýokary bahasyny alyp, bu abraýly halkara sanawa girizildi. Munuň özi Türkmenistanyň agzalan sebit sanawynda resminama mirasyna degişli ilkinji obýekti boldy.

Maslahatyň çäginde halkara resminamalara gol çekildi. Şeýle-de Indoneziýanyň Milli arhiwinde sebitiň deňiz siwilizasiýalarynyň taryhyny şöhlelendirýän arhiw resminamalarynyň, golýazmalaryň, fotosuratlaryň we kinomateriallaryň sergisi guraldy.

Abu Yshak Ybraýym ibn Edhem — VIII asyr akyldary we sopuçylyk ýolunyň görnükli şahsyýetleriniň biridir. Ol özüniň täji-tagtyny terk edip, bar baýlygyny taşlap, takwalyk we sopuçylyk ýoluny saýlap alandygy baradaky rowaýatlar bilen meşhurdyr. Ony Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Zamahşary, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Magtymguly, Nurmuhammet Andalyp ýaly nusgawy şahyrlar öz eserlerinde agzap geçýärler. Edebiýatda ol pespälligiň hem yhlaslylygyň nusgasy hasaplanýar.