Tailandda asmana uçurylýan çyralar sebäpli 265 awiagatnawyň tertibi üýtgedildi

Şu gün, 14:20650

23–25-nji noýabrda Tailandyň demirgazygynda geçiriljek Loýkratong baýramçylygy mynasybetli 265 uçuşyň tertibine üýtgetmeler girizildi. Ýurduň Howa menzilleriniň dolandyryş müdirliginiň (AOT) habar bermegine görä, bu üýtgetmeler alty howa menziliniň golaýynda asmana uçurylýan çyralaryň, feýerwerkleriň, howa şarlarynyň we dronlaryň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Edara ýerli ýaşaýjylary we syýahatçylary Suwarnabhumi, Don Muang, Çiangmaý, Meý Fa Luang, Phuket we Hatýaý howa menzilleriniň golaýynda şeýle enjamlary asmana uçurmazlyga çagyrdy. Has dogrusy, dronlary howa menzilleriniň 9 kilometr töwereginde rugsatnamasyz uçurmak gadagan edilýär.

Şeýle-de AOT tarapyndan asmanda uçýan keseki zatlaryň uçarmanlaryň işine päsgel berip, uçaryň hereketlendirijisine ýa-da ýangyç çelegine zyýan ýetirmäge ukyplydygy, käbir ýagdaýlarda bolsa uçaryň dolandyrylyşdan çykyp, partlamagyna hem sebäp bolup biljekdigi hakda duýduryş berildi.

Üýtgetmeler sebäpli Çiangmaý howa menzilinde eýýäm 62 uçuş ýatyryldy, 90 uçuşyň wagty üýtgedildi, ýene-de 57 sany goşmaça uçuş girizildi. Meý Fa Luang howa menzilinde bolsa 56 uçuşyň tertibine üýtgetme girizildi.

Uçarlaryň howpsuzlygyna zeper ýetirjek hereketleri edenlere ölüm jezasy ýa-da ömürlik türme tussaglygy ýaly agyr jezalar berlip bilner. Şeýle hem kanunda 15 ýyldan 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek we 600 müňden 800 müň bat aralygynda jerime töletmek göz öňünde tutulýar.

Şunlukda, ýolagçylara uçuşlaryň ýagdaýyny öňünden awiakompaniýalardan anyklamak we howa menziline uçuşdan 2–3 sagat öň gelmek maslahat berilýär. Howa menziliniň altysynda hem uçuş-gonuş zolaklaryna we uçarlaryň hereket edýän ýollaryna gözegçilik güýçlendirildi. AOT hem öz gezeginde asmana çyralary we dronlary uçurmagyň howplary barada ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýär.