iPhone-lary «bilkastlaýyn köneltmekde» aýyplanýan Apple Fransiýada kazyýete çekiler

Düýn, 10:402,773

Apple kompaniýasy iPhone telefonlarynyň dürli modelleriniň «bilkastlaýyn köneldilmegi» bilen bagly iş boýunça 2027-nji ýylyň iýun aýynda Pariž şäherinde kazyýetiň öňünde jogap berer. Bu barada degişli çeşmelere salgylanýan Le Figaro neşiri habar berýär.

Bu Apple kompaniýasyna garşy Fransiýada gozgalýan ilkinji şeýle kazyýet işidir.

Kazyýete kompaniýanyň iki düzüminiň — Apple Distribution International we onuň esasy kompaniýasy Apple Inc.-iň wekilleri çagyryldy. Kompaniýanyň üstünden arzany 2022-nji ýylyň dekabrynda «Halte à l'obsolescence programmée» (HOP) atly sarp edijileriň hukuklaryny goraýan birleşik beripdi.

Gurama Apple kompaniýasyny ulanyjylaryň enjamlaryny resmi hyzmat merkezlerinden başga ýerlerde özbaşdak abatlamak mümkinçiliklerini çäklendirýän, şeýle hem maglumatlary dikeltmegi kynlaşdyrýan programma üpjünçiligi sazlamalaryny ornaşdyrmakda aýyplaýar. HOP birleşiginiň pikiriçe, kompaniýa şeýle hereketler arkaly müşderilerini täze smartfonlary satyn almaga höweslendirmegi maksat edinipdir.

Apple kompaniýasy bolsa bu aýyplamalary ret edýär.

«Bilkastlaýyn köneltmek» diýlip, sarp edijileri täze önüm satyn almaga mejbur etmek maksady bilen harydyň ulanyş möhletini öňünden we bilgeşleýin gysgaltmak tejribesine aýdylýar. Fransiýada 2015-nji ýyldan bäri şeýle hereket jenaýat hasaplanýar.

2025-nji maliýe ýylynda Apple kompaniýasynyň iPhone satuwyndan gazanan girdejisi, takmynan, 209,6 mlrd dollara deň boldy. Le Figaro neşiriniň maglumatlaryna görä, iPhone satuwy kompaniýanyň ýyllyk umumy girdejisiniň ýarysyndan gowragyny emele getirýär.