«13 ýyl garaşanyňa degýär»: tankytçylar GTA VI oýnuna 100-den 99 bal berdiler

Şu gün, 09:4498

19-njy noýabrda wideo oýunlarynyň taryhyndaky iň meşhur oýunlaryň biri hasaplanýan GTA-nyň täze, 6-njy bölümi satuwa çykdy.

Wagt tapawudy sebäpli GTA VI-ny oýnamak mümkinçiligi ilki bilen Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylaryna miýesser etdi. Edil şonuň bilen bir wagtda oýny öňünden alan žurnalistler tarapyndan taýýarlanan synlar çap edildi.

Tankytçylar täze oýny biragyzdan uly höwes bilen garşyladylar. Metacritic saýtynda olaryň 150 synynyň esasynda GTA VI oýnuna goýlan ortaça baha 100 baldan 99-a deň boldy. Deňeşdirmek üçin aýtsak, GTA V 97 bal gazanypdy.

Oýnuň sýužeti, gahrymanlary, grafiki bezegi we detallara baý açyk dünýäsi aýratyn öwgä mynasyp boldy. Synçylaryň pikirine görä, GTA VI seriýanyň öňki bölümleriniň hem-de Red Dead Redemption 2 oýnunyň iň gowy aýratynlyklaryny bir ýere jemläp, wakalara baý we janly oýun dünýäsini döretmegi başarypdyr.

Tankytçylar oýnuň režissurasyna, wakalaryň beýan ediliş depginine, ses bezegine we tehniki ýerine ýetirilişine hem ýokary baha berdiler. Synlarda oýun «13 ýyllap garaşanyňa degýän ajaýyp eser» we «taryhdaky iň gowy ýaşaýyş simulýatorlarynyň biri» diýlip häsiýetlendirilýär.

Rockstar kompaniýasynyň ýerine ýetiren işiniň gerimi synçylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Olaryň baha bermegine görä, oýun GTA V çykandan soňky 13 ýylyň dowamynda kemala gelen ägirt uly tamalary diňe bir ödemek bilen çäklenmän, eýsem, köp babatda has ýokary netije görkezdi.