Mazda, Subaru we Suzuki kompaniýalary Ýaponiýada adaty sürüş wagtynda sürüjiniň kognitiw ýagdaýyna baha berýän ulgam üçin bilelikdäki patenti aldylar. Işläp düzüjiler bu tehnologiýanyň demensiýanyň alamatlaryny irki tapgyrlarynda anyklamaga ýardam berjekdigine ynam bildirýärler.
Programma sürüjileri üç topara bölýär: ýaşyna laýyk görkezijileri bolanlar, ýeňil kognitiw bozulmalary bolanlar we demensiýa alamatlary bolanlar. Seljeriş üçin köp döwrebap awtoulaglarda duş gelýän standart kameralar, radarlar, mikrofonlar we hereket datçikleri ulanylýar.
Algoritm sürüjiniň gazyň we tormozyň pedalyny basyşyny, howpsuz aralygy saklaýşyny, ýüz mimikalaryny we ýürek urşuny, şeýle hem öwrümlerde ruly aýlaýşyndaky ownuk hereketlerini gözegçilikde saklaýar. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, sagdyn sürüjiler, adatça, ruluň çarhyny birsydyrgyn aýlaýarlar, kognitiw bozulmalary bolanlar bolsa tutuş öwrümiň dowamynda ony birnäçe ownuk hereketleriň üsti bilen ýerine ýetirýärler.
Şol bir wagtyň özünde, ulgam ýoluň ýagdaýyny hem hasaba alýar. Dürli öwrümlerde ruluň çarhyny aýlaýşyndaky şol bir hereketler sürüjiniň ýagdaýyny takyk bahalandyrmaga mümkinçilik bermeýär. Şonuň üçin programma adamyň hereketini belli bir şertler, mysal üçin, çatryklar, ulaglaryň köplügi ýa-da azlygy, ýagyşly howa ýa-da pyýadalaryň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýar.
Şeýle hem ulgam eýesiniň smartfonyndan goşmaça maglumatlary alyp bilýär. Hususan-da, sürüjiniň sözleýiş depgini, gaýtalanýan soraglaryň ýygylygy, ýöreýiş tizligi we birsydyrgynlygy seljerilýär. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, sürlüş tärini hasaba almazdan, diňe smartfonyň maglumatlaryna esaslanýan netijeler ýöne bir tötänleýin çaklamadyr. Emma birnäçe maglumat çeşmesini bilelikde ulanmak takyklygy ep-esli ýokarlandyryp biler.
Bu tehnologiýa heniz synag tapgyryndadyr. Mesele ýüze çykan ýagdaýynda seljermäniň netijeleri sürüjiniň ýa-da onuň garyndaşlarynyň smartfonyna iberilip bilner. Işläp düzüjiler munuň kognitiw ýagdaýyň üýtgeşmelerini irki tapgyrda anyklamaga we zerur bolanda öz wagtynda lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmaga mümkinçilik berjekdigine bil baglaýarlar.