Samsung tomaşaçy ýok wagty wideony duruzýan telewizory döredýär

Şu gün, 11:50225
Samsung kompaniýasy tomaşaçy otagdan çykanda wideony awtomat ýagdaýda saklap, ol yzyna gelende ýene-de dowam etdirip bilýän telewizory işläp taýýarlaýar. Bu barada öz çeşmelerine salgylanýan Günorta Koreýanyň Korea JoongAng Daily gazeti habar berýär.
TV-I deslapky ady bilen işlenip taýýarlanylýan bu enjam adamyň hereketlerini tanamak üçin emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanar. Munuň daşyndan tomaşaçylar ekranda görkezilýän zatlar barada goşmaça maglumat hem alyp bilerler. Mysal üçin, olar eger isleseler, filmdäki ýa serialdaky aktýoryň geýen eşiginiň haýsy brende degişlidigini ýa-da ekranda görkezilen restoranyň adyny anyklap bilerler.
Samsung kompaniýasynyň bu täze telewizoryny 2027-nji ýylyň 6–9-njy ýanwary aralygynda Las-Wegasda geçiriljek CES halkara sergisinde tanyşdyrmagyna garaşylýar.