Toyota «Corolla Cross» modelini pikapa öwrer, ýöne hemme bazara çykarmaz

Şu gün, 16:05833
1 / 12

Toyota kompaniýasy Corolla Cross krossoweriniň binýadynda döredilen täze Corolla Deck pikabynyň çykjakdygyny tassyklady. Modeliň köpçülikleýin tanyşdyrylyşy Braziliýada täze Sorocaba 2 zawodynyň açylyş dabarasynda geçirildi diýip, Motor1 habar berýär.

Awtoulag Latyn Amerikasynyň we Karib basseýniniň bazarlary üçin niýetlenendir.

Daşky görnüşi boýunça Corolla Deck modeli Corolla Cross-a ýakyn bolup, radiator gözenegindäki uly kese zolak bilen tapawutlanýar. Tanyşdyrylyş dabarasyndaky suratlarda garaşsyz yzky asgy ulgamy görünýär, Corolla Cross bolsa ýarymgaraşsyz asgy, ýagny yzky tigirleri bir umumy gurluşa birikdirýän torsion pürs bilen enjamlaşdyrylýar.

Çärede XRX HEV gibrid görnüşi görkezildi. Pikabyň tehniki häsiýetnamalary häzirlikçe doly belli däl, ýöne onuň güýç gurluşy Corolla we Corolla Cross modellerinde ulanylýan ulgama ýakyn bolup biler. Ol 1,8 litrlik flex-fuel atmosferaly hereketlendirijini, elektromotory we sygymy 1,3 kWt/sag bolan batareýany öz içine alýar. Umumy kuwwaty 122 at güýjüne deň, geçiriji gutusy — e-CVT, ýörediji – öňde.

Model Fiat Toro we Renault Niagara, şeýle hem garaşylýan BYD Mako we Volkswagen Tukan bilen bäsleşip biler. Toyota satuwlaryň başlanjak takyk möhletini häzirlikçe mälim etmedi. Pikirleriň birine görä, satuw 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda, beýlekisine görä bolsa ýylyň ahyryna golaý başlar.

Corolla Deck pikabynyň önümçiligi Sorocaba 2 zawodynda ýola goýlar. Onuň başlangyç kuwwaty ýylda 100 müň awtoulaga deň bolup, geljekde 200 müňe çenli artdyrmak mümkinçiligi bar. Taslama Toyota kompaniýasynyň 2030-njy ýyla çenli 11,5 milliard brazil realy möçberindäki maýa goýum meýilnamasyna girýär.