Stirling UFC-niň öňki çempiony Prohazkany nokauta gidirdi: UFC Fight Night 294-üň jemleri

Şu gün, 11:252,276
1 / 2

Ýarym agyr agram derejesinde Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony, çehiýaly Irži Prohazka Dohada geçirilen UFC Fight Night 294 ýaryşynda täze zelandiýaly Nawaho Stirlingden ýeňildi.

Ýarym agyr agram derejesindäki tutluşyk ikinji raundda nokaut bilen tamamlandy. Stirling arakesmä 3 sekunt galanynda emini ara girmäge mejbur etdi.

34 ýaşly Prohazka üçin bu professional karýerasyndaky ýedinji ýeňliş boldy. Onuň hasabynda şeýle hem 32 ýeňiş we bir deňlik bar. 2022-nji ýylyň iýunynda çeh türgeni braziliýaly Glower Teýşeýrany ýeňip, ýarym agyr agram derejesinde UFC-niň çempionlygyny gazanypdy, ýöne soňra şikes sebäpli guşagy tabşyrmaga mejbur boldy.

Stirlingiň hasabynda indi 12 ýeňiş bar. Ol ýekeje gezek hem ýeňilmedi.

UFC Fight Night 294 ýaryşynyň netijeleri we baýraklary:

Deslapky kard:

  • Ýeňil agram: Jon Mitçell Şoaib Ýusafy tehniki nokaut bilen (dyz we el urgulary) ýeňdi — 3:50, 1-nji raund.

  • Ýarym agyr agram: Diýar Nurgožaý Alik Lorensi tehniki nokaut bilen (haý-kik we el urgulary) ýeňdi — 0:24, 2-nji raund.

  • Ýeňil agram: Dom Mar Fan Nikolas Mottany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (30–26, 30–26, 29–27).

  • Aralyk agram, 78 kg çenli: Tagir Abdullaýew Jeýk Mettýusy eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (30–27, 30–27, 29–28).

  • Iň ýeňil agram: Amir Albazi Alessandro Kostany demikdiriji tilsim (yzyndan bogma) bilen ýeňdi — 4:34, 3-nji raund.

  • Agyr agram: Tallison Teýşeýra Şamil Gaziýewi eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (30–27, 29–28, 29–28).

  • Ýeňilräk agram: Santýago Luna Aleksandr Topuriýany eminleriň tapawutly karary bilen ýeňdi (30–27, 28–29, 29–28).

Esasy kard:

  • Orta agram: Ikram Aliskerow Jared Kannonýeni eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (30–27, 30–27, 30–27).

  • Iň ýeňil agram: Kiodzi Horiguçi Asu Almabaýewi eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (30–27, 30–27, 29–28).

  • Ýeňil agram: Den Huker Braýan Ortegany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (30–27, 30–27, 30–27).

  • Ýarym ýeňil agram: Kewin Walýehos Aljameýn Sterlingi eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (30–27, 30–27, 29–28).

  • Ýarym agyr agram: Nawaho Stirling Irži Prohazkany nokaut bilen (el urgulary) ýeňdi — 4:58, 2-nji raund.

Agşamyň iň gowy çykyşy üçin baýraklar (her birine 100 000 dollardan): Nawaho Stirling, Amir Albazi, Diýar Nurgožaý, Jon Mitçell.