Betmobile hyrydar tapylmady: 6 metrlik awtoulagy satuwdan aýyrdylar

Şu gün, 16:15909
1 / 2

Kaliforniýada auksiona çykarylan, Tim Býortonyň «Betmeniň dolanmagy» («Batman Returns») filminde ulanylan asyl Betmobiliň (Betmeniň awtoulagy) alyjysy tapylmady. Julien’s Auctions auksionynda awtoulag üçin 3,25 million dollar teklip edildi, ýöne bu möçber eýesiniň kesgitlän başlangyç bahasyndan hem az boldy.

1992-nji ýylda öndürilen bu awtoulag TCM teleýaýlymy bilen bilelikde guralan auksionyň iň esasy harydy boldy. Ol filmde ulanmak üçin ýörite taýýarlanan üç Betmobiliň biridir. Auksion başlamazdan öň awtoulaga 5–7 million dollar aralygynda baha kesildi.

Uzynlygy, takmynan, 6 metr bolan we Number One Hero Car (baş gahrymanyň birinji awtoulagy) ady bilen tanalýan Betmobil filmde awtoulagyň hereket edýän sahnalarynyň köpüsinde ulanyldy. Öň tarapynyň aerodinamiki görnüşi hem-de yzky bölegindäki iki sany uzyn ganaty oňa has-da üýtgeşik görnüş berýär. Awtoulagyň asyl reňki gara bolup, oňa Chevrolet V-8 hereketlendirijisi we Betmeniň keşbini ýerine ýetiren Maýkl Kitonyň filmde peýdalanan, uzakdan dolandyrylýan ot çykaryjy gurluşy oturdylandyr.

Filmiň surata düşürilişi tamamlanandan soň, awtoulag birnäçe ýyllap ammarda durdy. Soňra Kaliforniýa ştatynyň Tastin şäherindäki Marconi awtoulag muzeýinde görkezilişe çykaryldy. Betmobil umumy ulanyşdaky ýollarda sürmek üçin niýetlenmedik. Şeýle-de ony ýörite çärelerde görkezmek üçin Warner Bros. Consumer Products kompaniýasyndan rugsatnama almaly. Mundan başga-da, ol şol çärelerde hereket etmän, bir ýerde durmaly.

Auksiony guranlar bu awtoulag 2013-nji ýylda satylan başga bir Betmobiliň rekordyny täzelär diýip umyt edipdiler. Şol ýyl 1960-njy ýyllarda Adam Westiň Betmeniň keşbini ýerine ýetiren teleserialynda ulanylan awtoulag komission tölegleri bilen bilelikde 4,6 million dollara satylypdy.

Betmobil bilen birlikde auksiona Betmen we beýleki supergahrymanlar baradaky filmler hem-de teleseriallar bilen bagly onlarça lot – gahrymanlaryň egin-eşikleri, surata düşürilişde ulanylan dürli esbaplar, çyzgylar, şekil taslamalary we oýunjaklar hem çykaryldy.