«Dykyn wagty 4» filminiň býujeti $120 mln bolar we 2028-nji ýylda çykar

Şu gün, 19:192,011
1 / 2

«Dykyn wagty» (Rush Hour) atly ekşn komediýasynyň dördünji bölüminiň býujeti 120 million dollar bolar. Filmi 2028-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýär. Bu barada Puck neşiriniň žurnalisti Mett Belloni franşizanyň prodýuseri Artur Sarkisýanyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Çeşmäniň maglumatyna görä, Jeki Çan filmde baş keşbi janlandyrmak üçin eýýäm şertnama baglaşdy, Kris Taker bilen bolsa gepleşikler dowam edýär, ýöne taraplar ylalaşyk gazanylmagyna ýakynlaşdylar.

Film aslynda 2026-njy ýylyň güýzünde düşürilip başlanmalydy, ýöne aktýorlar bilen geçirilmeli gepleşikler sebäpli yza süýşürildi. Çan bilen Taker her birine 8 million dollara hak tölenmegi baradaky teklip bilen ylalaşmadylar. Olar 2007-nji ýylda çykan üçünji bölümde ýerine ýetiren keşpleri üçin hersi, takmynan, 20 million dollar gazanypdy.

«Dykyn wagty 4» filmini Afrikada, Hytaýda, Italiýada we Saud Arabystanynda düşürmek meýilleşdirilýär. Režissýor wezipesine ýene öňki bölümleriň üstünde işlän Brett Ratner dolanyp geler.

Bu film Ratneriň 2014-nji ýylda Dueýn Jonsonyň baş keşbi janlandyran «Gerakl» filminden soňky ilkinji doly metražly çeper filmi bolar. 2017-nji ýylda režissýor Golliwudda işlemekden çetleşdirildi diýen ýaly. Ol ýakynda ABŞ-nyň Prezidentiniň aýaly Melaniýa Tramp barada dokumental filmi surata düşürdi.

2026-njy ýylyň maý aýynda Ratner Prezident Donald Trampyň Hytaýa sapary wagtynda onuň ýany bilen gitdi we ol ýerde geljekki filmiň surata düşüriljek ýerlerini gözden geçirdi.

Öň metbugat habarlarynda franşizanyň dowamyny düşürmek başlangyjynyň Trampa degişlidigi aýdylýardy. Žurnalistleriň maglumatyna görä, ol milliarder Larri Ellisony şeýle pikir bilen Paramount Skydance-iň başlygy, ogly Dewid Ellisona ýüz tutmaga yrypdyr.

«Dykyn wagty» filminiň birinji bölümi 1998-nji ýylda çykypdy. Franşizada gonkongly inspektor Li (Jeki Çan) bilen amerikaly polisiýa işgäri Jeýms Karteriň (Kris Taker) başdan geçirmeleri barada gürrüň berilýär. Filmiň üçünji bölümi 2007-nji ýylda çykypdy.