Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Oman Soltanlygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Omanyň Milli güni ýurduň taryhy bilen baglanyşyklydyr. 2025-nji ýylyň ýanwarynda Soltan Haýsam bin Tarik 20-nji noýabry ýurduň Milli güni diýip yglan etdi. Bu sene 1744-nji ýylda ymam Ahmet bin Saidiň Oman halkyny birleşdiren taryhy döwri bilen baglanyşyklydyr. Ozal Omanyň Milli güni 18-nji noýabrda — 1970–2020-nji ýyllarda ýurdy dolandyran Soltan Kabus bin Saidiň doglan gününde bellenilýärdi.
2026-njy ýylda Milli gün mynasybetli resmi dynç günleri 25-nji we 26-njy noýabra bellenildi.