Dart Weýderiň keşbinden ylham alnyp döredilen täze krossowkalar satuwa çykaryldy

Şu gün, 20:13670
1 / 5

Dizaýner Ronni Fig we Ýaponiýanyň ASICS brendi «Ýyldyz söweşleri» («Star Wars») film äleminden ylham alyp, Dart Weýdere bagyşlanan GEL-LYTE III Remastered krossowkalaryny satuwa çykardylar.

Model, esasan, gara reňkde ýerine ýetirilipdir. Krossowkanyň ýokarky bölegi deşijekli nubukdan we ýylmanak deriden taýýarlanan. Bezegde ulanylan gyzyl detallar bolsa meşhur sithiň keşbine kakdyrýar. Aýakgabyň ökjelerinde Ronnie Fieg we ASICS brendleriniň nyşanlary ýerleşdirilipdir.

Krossowkalaryň petekleri Dart Weýderiň şekili, şeýle hem Kith, ASICS we Star Wars nyşanlary bilen bezelipdir.

Toplumyň düzümine film äleminiň estetikasyny ýada salýan ýörite ýadygärlik gutusy hem girýär.

Aslynda, bu hyzmatdaşlygyň ençeme ýyllyk taryhy bar. 2008-nji ýylda Ronni Fig Nýu-Ýorkdaky «David Z.» dükanynda işleýän döwründe ASICS bilen bilelikde GEL-LYTE III Black Patent modelini döredýär. Onda ulanylan gara lakly deri bilen gyzyl detallar muşdaklara Dart Weýderiň keşbini ýatladypdyr. Emma şol wagt bu modeliň «Star Wars» älemine hiç hili dahyly ýok eken. Ýöne aradan 18 ýyl geçenden soň, şol meňzetme resmi hyzmatdaşlyga öwrüldi.

Castlerock reňkindäki krossowkalar 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Kith dükanlarynda, brendiň resmi web sahypasynda we ykjam goşundysynda dünýä bazaryna çykaryldy. Ol 220 dollardan satylýar.