Açar sözüňizi haçan täzelediňiz? Internetde 3,5 milliarddan gowrak şahsy maglumat açyk ýatyr

Düýn, 18:552,630

Ulanyjy atlaryny, açar sözlerini, milli identifikasiýa belgilerini we beýleki şahsy maglumatlary öz içine alýan 3,5 milliarddan gowrak ýazgy iki sany özara baglanyşygy bolmadyk maglumatlar bazalarynda açyk elýeterlilikde galdy. Olar iki garaşsyz barlagçy tarapyndan bir wagtyň özünde tapyldy.

Esasan, hytaýly şahslar we kompaniýalar barada 1,5 milliarddan gowrak resminamalary we ýazgylary öz içine alýan maglumatlar bazalarynyň birini UpGuard-yň barlaglar boýunça direktory Greg Pollok tapdy. Onda azyndan 840 million unikal milli identifikasiýa belgileri, 300 million telefon belgileri, takmynan, 11 million talybyň okuwa kabul edilendigi baradaky ýazgylar hem-de, takmynan, 8 million kärhananyň bellige alnyş ýazgylary bardy. Maglumat bazasy soňra elýeterlilikden aýryldy.

Ikinji maglumat bazasy Black Hills Information Security-niň barlagçysy Jeremi Fauler tarapyndan tapyldy. Onda e-poçta salgysy, ulanyjy atlary, açar sözleri, cookie faýllary, seanslaryň tokeni we enjamlar hakyndaky maglumatlar ýaly, takmynan, 2 milliard hasap ýazgylary bardy. Ýüzlerçe million ýazgy ABŞ-nyň esasy tehnologiýa platformalaryndaky hasaplar bilen baglanyşyklydy.

Şeýle hem Fauler has ösen zyýanly programma üpjünçiligi tarapyndan ýygnalan, takmynan, 400 müň resminamany tapdy. Bularyň içinde brauzerler, programmalar we operasion ulgamlar baradaky maglumatlar ýaly, jikme-jik ulanyjy profilini döretmäge mümkinçilik berýän maglumatlar bardy.

Barlagçylar maglumatlar bazalarynyň eýelerini anyklap bilmediler. Olaryň biri Fauleriň ýüzlenişinden soň hosting üpjün edijisi tarapyndan pozuldy. Bilermenleriň aýtmagyna görä, açar sözlerini dolandyryjylary we köp faktorly autentifikasiýany ulanmak hasap ýazgylarynyň howpsuzlygy üçin iň netijeli çäreleriň biri bolmagynda galýar.