Suratkeş Iwan Aýwazowskiniň «Gijeki Wenesiýa. San Jorjo Majore» atly eseri Londonda geçirilen Sotheby’s auksionynda 1,088 million funt sterlinge (takmynan, 1,4 million dollar) satyldy. Eseriň başlangyç bahasy 500–700 müň funt sterling aralygynda kesgitlenipdi.
Aýwazowski bu suraty 1862-nji ýylda çekipdir. Suratyň çarçuwasynyň astynda galan mum möhüriniň yzlary eseriň şol döwürde Awstriýa imperiýasynyň düzümine giren Triest şäherinde gümrük barlagyndan geçen bolmagynyň ähtimaldygyny görkezýär.

Sotheby’s auksion öýüniň çaklamasyna görä, eser deňiz ýoly arkaly Feodosiýa şäherinden Trieste, soňra bolsa sergilerde görkezmek üçin Ýewropanyň beýleki şäherlerine iberilen bolmagy mümkin.
XIX asyryň ahyrynda eston kolleksioneri we antikwary eseri Sankt-Peterburgda satyn alypdyr. Şondan soň surat bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda onuň maşgalasynda saklanypdyr. Bolşewikleriň ynkylabyndan soň, kolleksioneriň garyndaşlary suraty Russiýadan çykaryp, Estoniýa alyp gidipdir.
Aýwazowskiniň bu eseri ilkinji gezek auksionda satuwa çykaryldy.