«Arkadag» «Al-Muharrakdan» üstün çykyp, AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalyna ýollanma gazandy

Şu gün, 07:502,749
1 / 9

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň bäşinji oýnunda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyndan 4:2 hasaby bilen üstün çykdy.

Duşuşyk Bahreýniň Riffa şäherindäki Milli stadionda geçirildi.

Hasaby oýnuň 6-njy minutynda Ahmet Ataýew açdy. 10-njy minutda bahreýnli topar Elliot Simoinşiň goly bilen hasaby deňledi, emma 15-nji minutda Daýanç Meredow «Arkadagy» ýene öňe saýlady. Ikinji ýarymda (50-nji minutda) Meredow ýene bir gezek tapawutlandy. 63-nji minutda ýer eýeleri Artur Rezendeniň golundan soň aratapawudy azaltdy. 69-njy minutda Mekan Saparow «Arkadagyň» dördünji goluny geçirip, duşuşygyň ahyrky hasabyny kesgitledi.

«Al-Muharrak» duşuşygyň 3-nji minutyndan başlap bir oýunçy kem oýnady. Meredowa garşy gödek oýnany üçin Bruno Santuş göni gyzyl kart aldy.

Bu ýeňiş «Arkadaga» möhletinden öň ýaryşyň 1/8 finalyna ýollanmany üpjün etdi. Türkmen topary B toparçada 10 utuk bilen ikinji orunda barýar. Üçünji orundaky «Al-Muharragyň» üç utugy bar, ol indi «Arkadagdan» öňe geçip bilmez.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary Eýranyň «Gol Gohar» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeke-täk goly 40-njy minutda Taliska geçirdi. «Al-Jazira» 13 utuk bilen toparçada birinji orunda, «Gol Gohar» bolsa iki utuk bilen soňky orunda ýerleşýär.

9-njy dekabrda geçiriljek soňky tapgyrda «Arkadag» öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen duşuşar, «Gol Gohar» bolsa «Al-Muharrak» toparyny kabul eder.