Aşpez Gordon Ramzi «Top Gear»-iň täze alypbaryjysy bolar

Şu gün, 10:09400
1 / 2

Meşhur britaniýaly aşpez Gordon Ramzi täzeden ýaýlyma çykaryljak «Top Gear» awtoulag gepleşiginiň alypbaryjylarynyň biri bolar. BBC bu gepleşigi 2028-nji ýylda gaýtadan ýaýlyma bermegi meýilleşdirýär. Täze möwsümiň surata düşürilişini bolsa 2027-nji ýylda başlanar.

Gepleşigiň beýleki alypbaryjylarynyň atlary häzirlikçe aýan edilenok. Şeýle-de bolsa, köpçülik täzelenen gepleşikde ýene-de meşhur synag sürüjisi Stigi görüp biljekdiklerinden habarly.

«“Top Gear” iň şüweleňli görülýän döwürlerinde dagy mydama garaşylmadyk wakalardan doludy. Ol tomaşaçylary haýran galdyrýardy, gyzykdyrýardy we özüne ýeterlik başagaýlygam döredýärdi» diýip, Ramzi belledi.

Ol gepleşige täzeçe ruh we uly maksatlary getirmegi, şeýle hem ony tomaşaçylaryň täze nesli üçin gyzykly etmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Ramzi «Hell's Kitchen» («Jähennem aşhanasy») we «Kitchen Nightmares» («Aşhanadaky elhençlikler») atly gepleşikleri arkaly giňden tanalýar. Ol ozal «Top Gear» gepleşigine üç gezek myhman hökmünde gatnaşdy. Mundan başga-da, onuň awtoulag ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsat berýän sürüjilik şahadatnamasy we sport awtoulaglarynyň toplumy bar.

BBC 2022-nji ýylda gepleşigiň surata düşürilişinde ýüze çykan heläkçilikden soň, onuň önümçiligini wagtlaýyn togtadypdy. Şondan bäri gepleşik ýaýlyma berilmeýär. Şol heläkçilikde Angliýanyň kriket boýunça milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy hem-de gepleşigiň alypbaryjysy Endrýu Flintoff şikes alypdy.

«Top Gear» ilkinji gezek 1977-nji ýylda tomaşaçylara hödürlendi we BBC-niň iň üstünlikli taslamalarynyň birine öwrüldi. Gepleşigiň beýle meşhur bolmagyna bolsa onuň Jeremi Klarkson, Riçard Hammond we Jeýms Meýden ybarat alypbaryjylar üçlügi uly goşant goşdy.