26-njy noýabrda «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde «Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan guralýan bu bäsleşige 2020-nji ýylda badalga berlipdi. Ol programma üpjünçiligini işläp düzýän, innowasion taslamalary we startaplary döredýän ýaşlary ýüze çykarmak hem-de goldamak maksady bilen geçirilýär.
Şu ýyl bäsleşige ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň wekillerinden ybarat eminler toparyna 450-ä golaý taslama hödürlenildi.
Taslamalara ýedi ugur boýunça baha berildi:
- «Sanly lukmançylyk» ugry boýunça Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekili Guwanç Şahanow ýeňiji boldy. Ol döş kapasasynyň rentgen suratlaryny emeli aň arkaly seljermäge niýetlenen «ŞYPA» atly programma üpjünçiligini hödürledi.
- «Emeli aň» ugry boýunça «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň wekilleri Maksat Çaryýewiň we Annageldi Hydyrowyň bilelikde döreden emeli aň kömekçi platformasy birinji orna mynasyp boldy. Platforma emeli aň bilen türkmen dilinde doly gepleşik geçirmäge mümkinçilik berýär.
- «Robototehnika we awtomatizasiýa» ugry boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri Dünýä Gurbanmyradowanyň we Derýa Karataýewiň işläp taýýarlan kabel geçirijilerindäki näsazlyklary kesgitleýän «akylly» enjamy ýeňiji diýlip yglan edildi.
- «“Akylly” oba hojalyk tehnologiýalary» ugry boýunça Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýli Abaýewanyň we mugallym Merjen Akynyýazowanyň «Damjalaýyn suwaryş usulyny ulanyp, oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň akylly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak» atly taslamasy birinji orny eýeledi.
- «Akylly şäher» ugry boýunça «Türkmentelekom» kompaniýasynyň wekilleri Rejepmuhammet Begnyýazowyň we Maksat Çaryýewiň hödürlän «Şäherim» atly programmasy ýeňiji boldy. Ol şäherde ýüze çykarylan zeperler we näsazlyklar barada degişli gulluklara dessin habar bermäge mümkinçilik berýär.
- «Bilim we elektron okuw» ugry boýunça «E-bakja» web sahypasy we mobil goşundysy birinji orna mynasyp boldy. Çagalar baglarynyň işini sanly görnüşe geçirmek, ene-atalar bilen bilim işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýeňilleşdirmek üçin niýetlenen bu platformany Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Şatlyk Şöhradow, Fahrutdin Ereşow we Aýgül Bäşimowa taýýarladylar.
- «Hyzmatlar ulgamy» ugry boýunça hususy telekeçi Pena Suhanberdiýewiň işläp düzen «Hanym» atly mobil goşundysy ýeňiji boldy. Bu taslama zenanlar üçin niýetlenen harytlaryň ählisini bir ýerde jemleýän onlaýn platformadyr.
Mundan başga-da, dürli ugurlar boýunça 14 taslama ikinji, ýene 22 taslama üçünji orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.