Türkmen boksçysy Imankuliýew garşydaşyny 3-nji raunda çykmaz ýaly etdi

Düýn, 09:258,046
1 / 2

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew Dubaýda geçirilen «BATL FURY» professional boks agşamynda tanzaniýaly Muhamed Pesany tehniki nokaut bilen ýeňip, WBC Eurasia çempionlyk guşagyny üstünlikli gorady.

Dubaýdaky «Meydan» myhmanhanasynda geçirilen tutluşykda Imankuliýew ikinji raundyň dowamynda garşydaşyna birnäçe agyr urgular bilen yzygiderli hüjüm etdi. Raund tamamlanandan soň Muhamed Pesa söweşi dowam etdirmekden ýüz öwürdi. Emin tehniki nokaut bilen türkmen türgeniniň ýeňşini hasaba aldy.

Şeýlelikde, Imankuliýew professional karýerasyndaky dokuzynjy söweşinde dokuzynjy ýeňşini gazandy.

Ilkibaşda Imankuliýewiň garşydaşy özi ýaly ýeňilmezek hindi boksçysy, WBA Intercontinental titulynyň eýesi Faýzan Anwar (22-0) bolmalydy. Emma agram çekilişiginiň öňüsyrasynda ol tutluşykdan çekildi, ýerine-de ätiýaçdaky tanzaniýaly Muhamed Pesa ringe çykdy. Pesanyň hasabynda şol wagt 13 ýeňiş, 4 ýeňliş we 4 deňlik bardy.

Hursand Imankuliýew WBC Eurasia çempionlyk guşagyna 2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Daşkentde eýe bolupdy. «Humo Arena» sport toplumynda geçirilen WBC Eurasia Boxing Night boks agşamynda ol tanzaniýaly Adam Daçany birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňip, çempionlyk guşagyny gazanypdy.