Taýson Fýurä şizofreniýasynyň barlygyna garamazdan, Joşua bilen söweşmäge rugsat berildi

Düýn, 13:133,715

Britaniýanyň boks boýunça gözegçilik geňeşi (BBBofC) Taýson Fýurä Entoni Joşua bilen ringe çykmaga rugsat berdi. Mundan öň Fýuride şizofreniýa keseliniň anyklanandygy baradaky beýanatdan soň, bu söweşiň geçirilmegi sorag astyndady.

Britaniýaly iki agyr agramly boksçynyň arasyndaky tutluşyk 11-nji dekabrda Kardiff şäherinde geçiriler. The Athletic neşiriniň maglumatlaryna görä, boksçularyň umumy gazanjy, takmynan, 200 million dollara deň bolar.

Fýuriniň keseli baradaky gürrüňler 27-nji noýabrda Netflix platformasynda boksçy hakyndaky dokumental filmiň görkezilmegi bilen başlandy. Onda dünýäniň öňki absolýut çempiony 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Wladimir Kliçkony ýeňenden birnäçe aý soň, saglyk ýagdaýynyň ep-esli ýaramazlaşandygyny gürrüň berýär.

BBC-niň habar berşi ýaly, Fýuri filmde «özüne we maşgalasyna haýbat atan sesleri eşidendigini», radionyň hamala özi bilen gürleşendigini, şeýle hem aýaly Perisiň ony illuminatlaryň yzarlaýandygy üçin hassahanadan alyp gitmeli bolandygyny gürrüň berýär. Aýaly tarapyndan boksçynyň şizofreniýa keseliniň agzalmagy bolsa, filmiň mahabat materiallaryna hem girizildi.

Biraz soňrak Peris Fýuri köp ýyl mundan ozal bolup geçen söhbetdeşlikde «şizofreniýa» sözüni nädogry ulanandygyny boýun aldy. Perisiň aýtmagyna görä, adamsynda «şizofreniýanyň käbir alamatlary ýüze çykypdyr», ýöne oňa hiç haçan şeýle diagnoz goýulmandyr.

«Ruhy saglyk çylşyrymly mesele bolup, ol babatda dogry sözleri saýlaýmak aňsat däl. Esasan hem, söýýän adamyň bilen bu ýagdaýy bilelikde başdan geçirýän wagtyňda» diýip, Peris sözüniň üstüni ýetirýär.

Netflix kompaniýasy Fýuriniň maşgalasynyň beren düşündirişlerini göz öňünde tutup, filmiň materiallaryna degişli üýtgetmeleri salandygyny habar berdi. Bu düzedişler filmiň ilkinji görkezilişinden öň girizildi.