Türkmen türgeni Abdylla Babaýew Moskwanyň «SSKA Arena» sport toplumynda geçirilen Betsiti Fight Nights 145 ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Onuň garşydaşy Täjigistanyň wekili Behruzdin Mardonow boldy. Tutluşyk eminleriň biragyzdan karar bermeginde Abdyllanyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Bu üstünlik türkmen türgenine öz rekordyny ýedi ýeňşe ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de onuň hasabynda bir ýeňliş bar.
Babaýew söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady adyna eýe bolmak bilen, üç gezek Dünýä kubogynyň ýeňijisi hem-de pankration boýunça dünýäniň we Aziýanyň çempionydyr.
Türkmen türgeniniň ýeňşinden başga-da, «SSKA Arenada» iki agram derejesinde Gran-priniň aýgytlaýjy tutluşyklary geçirildi. Ýeňil agram derejesinde russiýaly Ahmed Aliýew Gran-priniň çempiony boldy. Ol öz watandaşy Andreý Gonçarowy eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi.
Ýarym ýeňil agram derejesiniň finalynda russiýaly Ýewgeniý Ignatýew jemleýji raundda tehniki nokaut bilen belarusly Artýom Baçundan üstün çykdy.