GTA VI oýun muşdaklaryna geçmişe ser salmaga mümkinçilik berer

10.05.2022, 16:2216,057

Baryp, 2022-nji ýylyň fewralynda Rockstar GTA-nyň täze bölegini işläp taýýarlaýandygyny aýtmaly bolupdy. Indi  bolsa, insaýderiň tagallasy bilen, taslamanyň gyzykly aýratynlyklary hakyndaky maglumat peýda boldy. 

GTA VI-nyň saundtrekini döretmäge gatnaşýan, El NitrO 56 lakamy bilen belli bolan reper Aleks Gonsalesiň gürrüň bermegine görä, oýunlaryň görkezilişi ýakynda geçmeli.
Şonuň bilen birlikde, ol oýundaky hereketiň bir şäherde, ýöne iki sany tapawutly eýýamlarda bolup geçjekdigini mälim etdi. Gulagymyza degen has öňräkki gürrüňlere görä, şol diýilýän şäher Vice City bolmalymyş, munuň özi häzirki zaman hakykatyndaky ýaly geýmpleýler bilen birlikde, 80-nji ýyllardaky ýalylaryna-da garaşybermeli.
Ozal internet-çeşmeleriň GTA VI bilen bagly ilkinji rolige eýýäm 15-16-njy maý aralygynda garaşybermelidigini aýdandyklaryny ýatladýarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.