Eýran 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde 10-njy polat öndüriji boldy

24.07.2022, 23:426,309

Bütindünýä polat öndürijileriň assosiasiýasy şu ýylyň birinji ýarymynda Eýranyň polat önümçiliginiň möçberini 13,6 mln tonna diýip hasaplady. Şeýlelik bilen, Eýran henizem dünýäde onunjy polat öndüriji hasaplanýar. Bu barada IRNA salgylanyp, Trend habar berýär.

Hasabata görä, bellenilen döwürde dünýäde polat önümçiliginiň umumy möçberi 949 mln tonna bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,5% azaldy.
2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan iýun aýyna çenli Eýranyň polat önümçiliginiň möçberi 13,6 mln tonnadan geçip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10,8% azaldy.
Hytaý dünýäniň iň uly polat öndürijisi hasaplanýar, onuň yzyndan Hindistan bilen Ýaponiýa gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.