Mejlisiň Başlygy Eýranyň ministri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdy

Şu gün, 17:12219

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşdy. Duşuşyk Awazada geçirildi diýip, Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär.

D.Gulmanowa goňşy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan goşandy üçin eýranly ministre minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle hem onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Awazadaky halkara çärelere gatnaşandygy üçin sagbolsun aýtdy.

Duşuşykda myhman Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň işi we ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny emele getirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Taraplar halkara hukuk ornuny berkitmekde, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtady. Parlamentara dostluk toplumlarynyň, degişli komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky özara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.