Ronaldu 7-nji awgusta çenli “Mançester Ýunaýtedi” terk etmekçi bolýar

02.08.2022, 23:1725,368

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu şu hepde topardan gitmegi göz öňünde tutýar diýip, “AS” neşiri habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, 37 ýaşly futbolçynyň agenti Horhe Mendeş Ispaniýanyň “Barselona” we “Atletiko”, Angliýanyň “Çelsi”, Germaniýanyň “Bawariýa” we Italiýanyň “Napoli” klublary bilen gepleşikleri geçiripdir. Şeýle-de bolsa, bu klublar Ronaldu üçin gerekli gyzyklanmany görkezmediler.
7-nji awgustda Angliýanyň premýer-ligasynyň çempionaty başlanýar, şol gün “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Braýton” bilen oýnar. Ronaldu bu oýna gatnaşmaz diýlip pikir edilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.