«Mançester Ýunaýted» rekord derejede $896,3 mln girdeji aldy

Şu gün, 10:011,704

«Mançester Ýunaýted» iňlis futbol kluby 2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň jemi boýunça 677,6 mln funt sterling ($896,3 mln) möçberinde rekord girdeji gazandy. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 11,1 mln funt sterling ($14,7 mln) ýa-da 1,7% köpdür.

Klubuň öňki rekord görkezijisi 666,5 mln funt sterlinge ($881,4 mln) barabardy.

Ösüşiň esasy çeşmesi klubuň teleýaýlymlardan alan girdejileri boldy. Ol 19,6% ýokarlanyp, 172,9 mln funtdan ($228,7 mln) 206,8 mln funt sterlinge ($273,5 mln) ýetdi. Klubda bu ösüş, esasan, toparyň Angliýanyň premýer-ligasynda üçünji orny eýelemegi bilen baglanyşdyryldy: öňki möwsümde «Mançester Ýunaýted» çempionaty 15-nji ýerde tamamlapdy. Toparyň ýewropa kuboklaryna gatnaşmazlygy bu ugurdaky ösüşi az-kem çäklendirdi.

Täjirçilik girdejisi 4,8% azalyp, 317,3 mln funt sterlinge ($419,7 mln) düşdi. Hemaýatkärlik girdejileri 14,8% azalyp, 160,5 mln funt sterling boldy ($212,3 mln), bu şol sanda Tezos kompaniýasy bilen türgenleşik köýnekçeleri boýunça ylalaşygyň tamamlanmagy sebäpli ýüze çykdy. Şol bir wagtda bölek satuwdan, merçandaýzingden we ygtyýarnamalaşdyrmakdan gelen girdejiler 8,2% ýokarlanyp, 156,8 mln funt sterlinge ($207,4 mln) ýetdi.

Klubuň esasy işinden gazanan girdejisi 22,6 mln funt sterlinge ($29,9 mln) deň boldy, bir ýyl ozal bolsa 18,4 mln funt sterling ($24,3 mln) möçberinde zyýan çekilipdi. Şol bir wagtyň özünde, arassa ýitgi 33 mln funtdan ($43,7 mln) 43 mln funt sterlinge ($56,9 mln) çenli artdy.

2025/26 möwsüminde «Mançester Ýunaýted» APL-de 71 utuk bilen üçünji orny eýeledi we Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk aldy. Ondan ýokarky orunlary çempion bolan «Arsenal» we «Mançester Siti» eýeläpdi.