Raisi Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan gününi gutlap hat ýollady

22.09.2022, 05:5110,092

Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi gutlag hatyny ýollady.

Hususan-da, ol öz hatynda: “Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň resmi wekilleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň hem-de bilelikdäki mejlisleriň geçirilmeginiň iki halkyň, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.