Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi diýip, TDH habar berýär.
Resminama bugdaý öndürilişiniň möçberini artdyrmak hem-de daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.
Karara laýyklykda, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde bellenen meýdanlarda 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini geçirmek we hasyl almagy göz öňünde tutulan möçberlerde üpjün etmek tabşyryldy. Bu işler ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we ýer eýeleri bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda amala aşyrylmalydyr.