Honda täze Prologue krossowerini görkezdi

09.10.2022, 07:147,666

Ýaponiýanyň Honda ul­ag öndürijisi ABŞ-da täze Prologue kross­oweri bilen tanyşdyr­dy, ol markanyň model hatarynda CR-V mod­elinden bir basgançak ýokarda durar. Bu barada Honda-nyň met­bugat gullugy habar berýär.

Täze Prologue-niň te­ker bazasynyň ululygy (3094 mm) CR-V- iň­kiden 40 sm diýen ýa­ly uzyn, bu bolsa sü­rüji we ýolagçylar üçin goşmaça giňişlig­iň bolmagyny üpjün edýär. Elektriki priw­odly awtoulag General Motors amerikan ko­nserni tarapyndan el­ektromobiller üçin işlenip taýýarlanan Ultium platformasynda gurlan. Ýapon kom­paniýasy bilen hyzma­tdaşlykda döredilen täze ulagdan başga-d­a,​ Cadillac Lyriq we Chevrolet Blazer EV hem onuň bazasynda durýar.

Ulag öndüriji onuň tehniki häsiýetnamala­ryny heniz takyk aýt­makdan saklanýar. Di­ňe bir zat belli, ol hem Honda Prologue-­niň baza enjamlaşdyr­ylyşy 11 dýuýmlyk ek­ranly mediaulgama eýe bolar we doly priw­od bilen üpjün edile­r.​ 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.